Sepleriň elýeterliligi

Sufi ybadathanasynda 6 adam öldürildi


Kabulda ýaragly adamlar sufi ybadathanasyna kürsäp urup, içindäkileri oka tutanda azyndan 6 adam ölüp, bäşisi ýaralandy.

Içeri işler ministrliginiň beýanatynda owgan paýtagtynyň günbatar bölegindäki Bahadur aga namaz öýüne edilen hüjüme birnäçe adamyň gatnaşandygy aýdylýar.

Hüjümçiler gaçyp gutulypdyr. Emma polisiýa soň bu jenaýatda güman edilýänleriň käbiriniň tutulandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG