Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» ogrulary gamçylaýar


Gündogar Owganystandan gelýän habarlarda «Talyban» jeňçileriniň Nangarhar welaýatynyň çet etrabynda ogurlyk etmekde aýyplanan dört erkegi gamçylamak bilen jezalandyrandygy aýdylýar.

Gamçylama jezasy welaýatyň Hogýani etrabynda, anna namazynyň yzýany, 6-njy martda berlipdir.

Şol töwerekdäki dükan eýeleriniň biri «Talybana» ol adamlaryň öz dükanyny talandygyny aýdyp, şikaýat edipdir.

Ýerli ilat «Talybanyň» ol dört ogryny tutup, 500 töweregi adamyň öňünde, olaryň hersine 40 gamçy urandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG