Sepleriň elýeterliligi

YD Hatra şäherini ýumurdy


«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri demirgazyk Yrakda gadymy şäher Hatrany ýumurdy.

Mosul uniwersitetiniň arheologiýa bölüminiň başlygy Hamid al-Jaburi jeňçiler 7-nji martda Hatranyň gadymy harabalaryny we täsin galyndylaryny partlatdylar diýdi.

Hatra Mosulyň 110 km çemesi günorta-günbatarynda ýerleşýän we ÝUNESKO-nyň goralmaly miras sanawyna girizilen şäherdi.

Bu şäher 2 müň ýyldan hem kän owal gurlup, gowy saklanan minaralary bilen meşhurlyk gazanypdy.

YD jeňçileri şondan iki gün öň gadymy assiriýa şäheri bolan Nimrudy ýumrupdylar.

XS
SM
MD
LG