Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Belarus bilen gatnaşyk mümkin


Ýewropa Bileleşigi, ençeme ýyla çeken ýaramaz gatnaşyklardan soň, Belarus bilen aragatnaşygy gowulandyrmak mümkinçiliklerini görendigini aýdýar.

Latwiýanyň daşary işler ministri Edgars Rinkewiks 7-nji martda, ÝB-niň daşary işler ministrleriniň Rigada geçýän maslahatynda «biz Belarus bilen gatnaşyklary giňeltmek we çuňaltmak mümkinçiligini gördük» diýdi.

Rinkewiks ÝB-niň Belarus bilen arasynda käbir çözülmeli meseleler bar, mysal üçin Minskiň syýasy tussaglary saklamagy, emma öňe tarap süýşülip biler diýdi.

Adam hukuklarynyň bozulmagy, saýlaw galplyklary, oppozisiýa aktiwistlerini we syýasatçylary tussag etmek sebäpli ÝB Belarusa garşy çäklendiriji çäreleri girizdi.

Germaniýanyň şol wagtky daşary işler ministri Guido Westerwelle 2012-nji ýylda Belarusy «Ýewropanyň merkezindäki iň soňky diktatura» diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG