Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti zenanlary gutlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji martda ýurduň aýal-gyzlaryny 8-nji Mart baýramçylygy bilen gutlady.

«Mähriban eneler, hormatly gelin-gyzlar, sizi gözelligi, döredijiligi we hoşniýetliligi dabaralandyrýan joşgunly bahar paslynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýan» diýip, gutlagda aýdylýar.

Prezident zenanlara sarpa goýmagyň, olaryň mertebesini belent tutmagyň türkmen halkynyň gadymlardan bäri kämilleşdirip gelýän milli ýörelgesidigini belläp, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, çaga terbiýeläp-etişdirmekleri üçin uly döwlet goldawynyň berilýändigini, ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtapdyr.

Türkmen metbugaty prezident Berdimuhamedowyň dürli pudaklarda zähmet çekýän we aýratyn yhlas görkezen zenanlaryň bir toparyny ýokary döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglamak baradaky kararlara gol çekendigini hem habar berýär.

Şeýle-de habarda 8-nji Mart baýramçylygynyň bütin ýurt boýunça aýdym-saz konsertleri we beýleki dabaraly çäreler bilen giňden bellenilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG