Sepleriň elýeterliligi

Owgan türmesinde 4 adam öldi


Owgan resmileri demirgazyk Owganystanda, 8-nji martda bolan türme gozgalaňynda 4 adamyň ölüp, 10 adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Welaýat polisiýasynyň başlygy Fakir Mohammad Jauzjani gozgalaňyň ofiserler türme kameralarynda pyçak we beýleki bikanun zatlar boýunça barlag geçirende turandygyny aýtdy.

Şybyrganda ýerleşýän türme toplumynda 800 çemesi tussag saklanylýar. Jauzjani tussaglaryň ofiserlere topulyp, olaryň üçüsini öldürendiklerini aýtdy.

Şondan soň bolan çaknyşyklarda bir tussag öldürilip, onusy ýaralanypdyr.

XS
SM
MD
LG