Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Adam saýlaýan duralga


Awiaterminalyň bu awtoduralgasynda köplenç diňe sary reňkli döwlet taksilerini ýa-da bir-iki sany gaýry awtoulagy görse bolýar.

Awiaterminalyň bu awtoduralgasynda köplenç diňe sary reňkli döwlet taksilerini ýa-da bir-iki sany gaýry awtoulagy görse bolýar.

Paýtagtyň halkara aeroportunyň 2-nji terminalynyň öňündäki awtoduralganyň “adaty däl” duralgadygyny bu ýere gelen her bir paýtagtly bilýän bolsa gerek. Paýtagtdaky şuňa meňzeş beýleki duralgalardan tapawutlylykda bu duralga sektorlara bölünip, onda ulaglaryň goýulmaly ýerleri bellenilip görkezilipdir.

Duralgada taksileriň durýan ýeri hem kesgitlenipdir. Awtoduralganyň yşyklandyrylyşam gowy. Her belli bir aralykda yşyklandyryş sütünleri goýlupdyr.

Adatça, bu duralganyň ýarpy meýdany boş durýar.

Adatça, bu duralganyň ýarpy meýdany boş durýar.

Duralgada ýolagçylar üçin ýörite ýodajyklar hem çekilipdir. Garaz, bu duralga ýurtdaky ähli beýleki duralgalara hakyky görelde bolup biljek. Emma bu duralgadan her bir awtoulag eýesi peýdalanyp bilmeýär.

Bu duralga diňe döwlete degişli taksilerdir, awtobuslar girip bilýärler. Hususy awtoulg eýeleri hem-de hususy taksiler, gije-gündiziň dowamynda hiç wagt bu duralga goýberilmeýär. Oňa barýan ýol hemişe polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary tarapyndan berk goralýar.

Awiaterminalyň bu awtoduralgasynda köplenç diňe sary reňkli döwlet taksilerini ýa-da bir-iki sany gaýry awtoulagy görse bolýar. Bellemeli zat, adatça, bu duralganyň ýarpy meýdany boş durýar. Onsoň ol awiaterminalyň öňünde aýratyn boşlugy döredýär.

Şol bir wagtda...

Gepiň gerdişine görä aýtsak, bu ýagdaý elmydama şeýle bolmandy. Bir ýyl mundan ozal, awiaterminalyň, ilki açylan döwründe 2 aý çemesi wagtlap gürrüňini edýän duralgamyz adaty ulaglar üçin hem elýeterlidi. Soňra näme sebäp bilen häzirki çäklendirmeleriň girizilendigi belli däl. Bu barada hiç hili resmi düşündiriş alyp bolmasa-da, awiaterminalyň öňünde taksiçilik bilen meşgullanýan Allamyrat muny prezidentiň saparlary bilen düşündirýär.

“Ilki-ilkiler bu duralga ähli ulaglar goýberilýärdi. Ulagly ýolagçylar, adatça, öz şahsy maşynlaryny duralgada gulplap goýup giderdiler. Bir gezek ýaşulynyň (prezidentiň - Red.) saparynyň öňüsyrasynda duralgany boşatmaly diýenlerinde, şol ulaglary aýyrjak bolup, howsala düşüpdiler. Şondan bäri [bu ýere] döwlete degişli taksilerden we ulaglardan ötri hiç kim goýberilmeýär” diýip, Allamyrat gürrüň berýär.

Allamyadyň bu maglumatynyň näderejede takykdygyny awiaterminalyň degişli işgärlerine, resmi derejede tassykladyp ýa-da inkär etdirip bolmady.

Bu "ýönekeý" duralganyň daşy ak reňkli demir haýat bilen örtülüpdir.

Bu "ýönekeý" duralganyň daşy ak reňkli demir haýat bilen örtülüpdir.

Şol bir wagtda hem awiaterminalyň bu duralgasyna barýan adaty awtoulaglar saklanyp, olar şol duralganyň golaýyndaky, emma aeroportuň terminalyndan 100 metre golaý uzaklykdaky beýleki awtoduralga iberilýär.

Bu ýönekeý duralganyň daşy ak reňkli demir haýat bilen örtülüpdir. Dikilen diwar sebäpli adaty ýagdaýda içi görnümeýän bu duralagnyň ýagdaýy ýokarda agzalan “göreldeli” duralgadan tapawutlanýar.

Ýönekeý graždanlaryň awtoulaglary üçin gurlan bu duralga awiaterminalyň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda ýerleşýär. Bu duralga paýtagtdaky beýleki duralgalardan tapawutlanmaýar. Awtoulaglar üçin giň ýer ýok. Awtoulaglar biri-birine golaý goýulýar. Şol sebäpden köplenç, eger bir ulag duralgadan çykyp gitjek bolsa, beýleki awtoulag ýerinden gozganyp, oňa ýörär ýaly ”arabaýol” bermeli bolýar. Ýogsa, biri-birina aşa golaý goýulýandygy zerarly, maşynlar bu duralgadan islän wagty öz erkine çykyp bilenok.

Bu awtoduralgada golaýda ýaşaýan ýaşaýjylaryň awtoulaglary hem bar.

Bu awtoduralgada golaýda ýaşaýan ýaşaýjylaryň awtoulaglary hem bar.

Bu awtoduralgada golaýda ýaşaýan ýaşaýjylaryň awtoulaglary bilen bir hatarda aeroporta öz ýakynlaryny garşylamaga gelenler hem ulaglaryny goýýarlar. Hususy taksiler hem şu duralgada öz awtoulaglaryny goýup, awiaterminala müşderi almaga gidýärler.

Bu awiaterminaldan adaty awtoulaglar üçin duralga çenli aralyk o diýen golaý hem däl. Şonuň üçin awiareýs bilen uçup gelen ýolagçylar bu duralga öz elgoşlaryny süýräp, 100 metr töweregi ýöremeli bolýarlar.

Paýtagtyň halkara aeroportunyň täze kompleksiniň 2-nji terminaly ylaýyk bir ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň mart aýynda açylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG