Sepleriň elýeterliligi

Yrak: “YD-nyň” hüjümi derňelýär


Yragyň resmileri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň 8-nji martda Horsabadyň gadymy arheologik sebitine hüjüm edendigi barada çykan maglumatlaryň häzirki wagtda derňelýändigini aýdýarlar. Bu gürrüňi gidýän toparyň söweşijileriniň ýurtdaky taryhy gymmatlyklara eden şuňa meňzeş üçünji hüjümidir.

Yragyň turizm we gadymy ýadygälikler boýunça ministri Adel Şirşab, söweşijileriň Horsabatdaky taryhy eserleri aýryp, bu sebiti tekizlemeginiň mümkindigini aýdyp, aladalanma bildirdi. Gürrüňi gidýän sebit “Yslam döwleti” atly toparyň kontrollugyndaky Mosul şäherinden 15 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Nineweh welaýatynyň Gadymy ýadygärlikler boýunça edarasynyň resmisi Juma Abdullah öz maglumatynda: “Horsabadyň ýaşaýjylary söweşijileriň sebitdäki gadymy eserleriň aglabasyny ogurlandygyny we başga-da birnäçesini partladandygyny habar berdiler” diýdi.

Gürrüňi gidýän söweşiji topar demirgazyk Yrakdaky Nimrud we Hatra şäherindäki taryhy ýadygärlikleri eýýäm ýumurdylar.

XS
SM
MD
LG