Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Separatistler ylalaşygy bozýar


Ukrainanyň harbysy Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy birnäçe gezek bozandygyny aýdýar.

Ukrainanyň Terrorçylyga garşy operasiýalar boýunça baş edarasynyň berýän maglumatyna görä, separatist güýçleri hökümet pozisiýalaryna aglabasy granatamýotlardan we minomýotlardan ybarat 16 hüjümi amala aşyrypdyr. Şol bir wagtyň özünde Kiýew orsýetçi separatistlere garşy harby operasiýalary başlamaga çagyryş edýär.

Ukrainanyň Terrorçylyga garşy operasiýalar boýunça baş edarasynyň berýän maglumatynda, hüjümleriň aglabasynyň Donetsk welaýatyndaky Awdiiwka we başga-da birnäçe beýleki şäherçä edilendigi aýdylýar.

Bu aralykda, Luhansk welaýatyndaky separatistleriň berýän maglumatyna görä, separatistleriň kontrollugyndaky territoriýa bilen hökümet güýçleriniň gözegçiligindäki territoriýalary birikdirýän demirýol köprüsi partladylypdyr.

XS
SM
MD
LG