Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Krymy almagy resmilere mälim etdim diýýär


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öňki ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç häkimiýetden çekilenden sanlyja sagat soň, Krymy almak baradaky kararyny ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerine mälim edendigini aýdýar.

Russiýanyň döwlet telewideniýesinde görkeziljek dokumental filmiň treýlerinde, ýagny bu filmiň mazmuny baradaky gysga wideo ýazgyda Putin, Kremliň gürrüňi gidýän mesele dogrusynda geçiren adatdan daşary ýygnagynyň 2014-nji ýylyň 23-nji fewralynda ir bilen sagat 7-de tamamlanandygyny belleýär.

Şeýle-de, Putin ýurduň harby we howpsuzlyk gulluklaryna “ukrain prezidentiniň janyny halas etmegi” tabşyrandygyny aýdýar.

8-nji martda görkezilen dokumental filmiň treýler ýazgysynda Putin: “Biz böleklere bölünenimiz sebäpli, men öz kärdeşlerime ýüzlenip: ‘Biz Krymy Russiýanyň düzümine gaýtadan yzyna almak üçin işlere başlamalydyrys’ diýdim” diýýär.

XS
SM
MD
LG