Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemtsowyň işi: Resmi aýyplama bildirildi


Zaur Dadaýew
Zaur Dadaýew

Russiýada syýasy oppozisioner Boris Nemtsowyň öldürilmegine ilteşikli bolmakda güman edilip, iki adama aýyplama bildirildi. Bu arada Moskwanyň sudunda Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda bäş sany aýyplanýanyň işine garalýar.

Basmannyý sudunyň metbugat wekili Anna Fadeýewa: “Zaur Dadaýewe we Anzor Gubaşewe ‘Boris Nemtsowy öldürmek boýunça aýyplamanyň’ bildirilendigini, beýleki üç şahsyýetiň bolsa entegem güman edilýänleriň durumynda galýandygyny” aýtdy.

Rus mediasy sudýa Nataliýa Muşnikowanyň sözlerine salgylanyp, Dadaýew Nemtsowyň ölümine ilteşiginiň bolandygyny boýun aldy diýip, habar berýär.

Emma Russiýanyň döwlet we garaşsyz habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Dadaýew suduň zalynda öz günäsini boýun almandyr. Aýyplanýanlaryň beýlekisi – Anzor Gubaşew özüniň günäsizdigini aýdypdyr.

Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda tussag edilenler.
Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda tussag edilenler.

Sud aýyplanýanlaryň bäşisiniň hem 28-nji aprele çenli tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy. Bu adamlaryň ählisi Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz sebitindendir.

Häzirlikçe galan tussaglara, ýagny Anzor Gubaşewiň dogany Şagide, Ramzan Bakaýewe we Tamerlan Eskerhanowa resmi taýdan aýyplama bildirilmedi.

Rus häkimiýetleri Dadaýewiň we doganlar Gubaşewleriň 7-nji martda Inguşystanda, beýleki ikisiniň-de 8-nji martda Moskwanyň eteginde tussag edilendigini habar berdiler.

Bu aralykda Russiýanyň “Interfax” gullugy, Çeçenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna salgylanyp, Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly gözleg yglan edilen ýene bir adamynyň 7-nji martda Çeçenistanyň paýtagty Groznyda polisiýa bilen çaknyşykda öldürilendigini habar berdi.

Maglumata görä, haçan-da polisiýa güman edilýäniň öýüniň golaýyna baranda, ol el granatyny polislere garşy zyňyp, soňra-da özüni partladypdyr.

Hukuk goraýjy edaralar tutulanlaryň bäşisiniň hem günäldigini öňe sürýärler. Şol bir wagtda-da Nemtsowyň öldürilmegine dahyllydygy aýdylýan bu adamlaryň anyk hereketleri barada takyk maglumat berilmeýär.

Kadyrow

“Ria Nowosti” gullugy Dadaýewiň Çeçenistanyň Içeri işler ministrligine degişli batalýonyň komandiriniň orunbasarydygyny, Gubaşewiň hem Moskwada hususy gorag kärhanasynda işländigini aýdýar.

Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrow özüniň Instagram hasabatynda Dadaýewiň “Russiýanyň hakyky watançysydygyny” we “iňňän dinçi” kişidigini ýazýar. Kadyrow haçan-da Dadaýew Fransiýanyň “Charlie Hebdo” neşirinde Muhammet Pygamberiň şekiliniň çap bolanyny göreninde, haýran galandygyny hem köpçülige äşgär etdi.

Kadyrow Dadaýewiň günäli ýa günäsizliginden söz açmady. Çeçen lideri Dadaýewiň “Russiýanyň garşysyna hereket edip bilmejekdigini”, onuň ýurt üçin oz janyny töwekgelçilige salmaga ukyplydygyny aýtdy.

Russiýanyň Derňew komiteti Nemtsowyň ölüminiň dini ekstremizm bilen bagly bolup biljekdigini öňe sürdi.

Emma Kremliň tankytçylary bu aýyplamalaryň toslamadygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG