Sepleriň elýeterliligi

"Çagaňy biz üçin dogurdyňmy?!"


Gutylaryň golaýynda oturyp, garbanýan çagalar.

Gutylaryň golaýynda oturyp, garbanýan çagalar.

8-nji mart bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çäreleriň geçirilendigi habar berilýär.

Bu baýramçylyk mynasybetli Aşgabatda sekiz we ondan köp çagaly eneleriň käbirlerine ýaşaýyş jaý sowgat berildi. Şol güni prezident G.Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň zenanlaryna ugradan gutlagynda: "Köp çagaly eneleriň döredijilikli zähmet çekmegi we perzent terbiýelemegi üçin döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär we ähli mümkinçilikler döredilýär" diýdi.

Emma şol bir wagtyň özünde ýurtda köp çagaly enelere o diýen ünsüň berilmeýändigini aýdýan türkmenistanlylar hem bar. Şeýle zenanlardan biri, ýagny Lebap welaýatyndan 8 çagaly zenan häkimiýetlere kömek sorap ýüz tutulandygyny, resmileriň özüne şahsyýeti kemsidiji sözler bilen jogap berip, edaradan çykaryp goýberendigini aýdýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG