Sepleriň elýeterliligi

Dollar ýewro garanda ýokarlandy


Ewro we dollar

Ewro we dollar

ABŞ-nyň dollary ýewro garanda 12 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýetdi.

10-njy martda Aziýadaky söwdalarda ýewro 2003-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri iň pes derejä ýetdi.

Dollaryň bahasy 122 ýena barabar bolup, Ýaponiýanyň milli puluna hem gatnaşykda 2007-nji ýylyň iýul aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

Dollaryň ýokarlanmagy ABŞ-nyň Merkezi bankynyň, Federal rezerw fondunyň 2015-nji ýylyň ortalarynda prosent derejesini ýokarlandyryp başlamagy baradaky çaklamar bilen bagly.

Ýewro 2002-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýaňy dolanyşyga girizilende dollara garanda gowşakdy, emma 2002-nji ýylyň soňunda güýçlenip başlapdy.

XS
SM
MD
LG