Sepleriň elýeterliligi

Hammond: Orsýet howp salyp biler


Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond

Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond

Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond Orsýetiň Britaniýanyň howpsuzlygyna ýene güýçli howp döredip biljekdigini aýtdy.

10-njy martda Londonda eden çykyşynda Hammond “50 ýaşdan geçenler Orsýetiň agressiw häsiýeti bilen ýakyndan tanyş, bu onuň howpsuzlygymyza ägirt uly howp salmaga potensialynyň bardygyna berk ýatlandyrma bolmaly”, diýdi.

Hammond ýurduň gizlin gulluklarynyň howpa garşy durmaga tagalla edýändigini aýtdy.

Hammondyň bu çykyşy Londonda ýerleşýän Patyşalygyň birleşen gulluklar institutynyň hasabatynda Britaniýanyň goranyş çykdajylarynyň berk tygşytlaýyş çäreleri sebäpli 2% pese gaçjagy barada aýdylmagynyň yzýany edildi.

Hasabatda harby taýdan tygşytlaýyşyň netijesinde harbylaryň sanynyň 30 müň çemesi azaldylyp, ýylyň aýagynda dürli goşunlaryň düzüminde 115 müň harbynyň galjakdygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG