Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen nebit-gaz önümçiligi 'artýar'


Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri nebit-gaz önümçiligi ýokarlandy.

Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary B.Hojamuhamedowyň hökümet maslahatynda beren hasabatyna görä, 2015-nji ýylyň iki aýynyň dowamynda nebtiň we gaz kondensatynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,2%, gazyň önümçiligi 5,2% artypdyr.

Buraw işleriniň möçberi 1.8% ýokarlanypdyr.

Ýurtda käbir nebit önümleriniň, şol sanda benziniň önümçiliginiň artdyrylandygy resmi maglumatlarda habar berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýylda 10 million tonna nebit öndürilýär.

XS
SM
MD
LG