Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seleznew: Gozgalaňçylar hüjüm edýär


Ukrainanyň resmileri Orsýet tarapyndan goldanýan separatistleriň gündogar Ukrainada hökümetiň pozisiýalaryny, şol sanda deňizýaka Mariupol şäherine golaý ýerleri oka tutup, ok atyşygy bes etmek baradaky ýaraşygy bozandygyny aýtdylar.

Goşunyň metbugat-wekili Wladislaw Seleznewiň 10-njy martda Kiýewde aýtmagyna görä, soňky günlerde separatistler Donetsk regionynyň Pisky, Wodyane, Tonenke, Opytne, Awdiiwka, Troitsk, Luhansk we Dutiwska käniniň golaýynda ot açypdyr.

Seleznew Luhansk regionynda gozgalaňçylaryň 9-njy martda agşam goşunyň Sokolnyky we Krymske ýerlerdäki pozisiýalaryna hüjüm edendiklerini, emma yza serpikdirilendigini aýtdy.

Gozgalaňçylaryň öz-özüni yglan eden goranmak resmisi Eduard Basurin Ukrainanyň goşunlarynyň hem hüjüm edip, ok-atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygy bozandyklaryny aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ok atyşygy bes etmek barada Minskde gelnen ylalaşygyň 15-nji fewralda güýje girmeginden bäri 64 esgeriň öldürilendigini aýtdy.

Ukrainanyň gündogarynda dowam edýän konflikt zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6 000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG