Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Tähran Aşgabada 'ýok' diýmez"


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (çepde) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (çepde) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.

Sişenbe güni Eýranyň prezidenti Hassan Rohani iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada barýar. Türkmenistanyň prezidentiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýan bu saparyň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ençemesiniň baglaşyljakdygy habar berilýär.

Eýse, Eýranyň lideriniň edil häzirki günlerde Türkmenistana barmagyna nähili baha berip bolar? Resmi metbugatda habar berilmese-de, türkmen-owgan serhedinden gowuşýan goňşy ýurtlaryň howpsuzlygyna degişli soňky habarlaryň fonunda howpsuzlyk meseleleri maslahat edilip bilnermi? Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen Russiýanyň Strategik barlaglary institutynyň analitigi Aždar Gurdowa ýüzlendi.

Azatlyk Radiosy: Aždar Aşyrowiç, siz Eýran prezidentiniň edil häzirki pursatda Türkmenistana sapar etmegine nähili garaýarsyňyz? Saparyň gün tertibinde, adaty diplomatik gatnaşyklardan başga, ýene haýsy meselelere garalyp bilner?

A.Gurdow: Adatça bolşy ýaly, goňşy döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar diplomatiýanyň, we, umuman, halkara gatnaşyklarynyň esasy sütünleriniň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan-da, Eýran-da kadadançykma däl.

Aždar Gurdow
Aždar Gurdow

Iki ýurduň arasynda uzyn, şol sanda suw we gury ýer serhedi bar. Gürrüňini edýän bu iki döwletimiz özara hyzmatdaşlyk etmän bilmez. Olaryň sowet döwründen bäri dowam edip gelýän dürli ugurly özara hyzmatdaşlygy bar.

Emma, çakym çak bolsa, soňky döwürde bu gatnaşyklar gowşap başlady. Geliň, ykdysadyýeti alyp göräýeliň. Bilşimiz ýaly, Türkmenistandan Eýrana iki sany gazgeçiriji magistral – biri ýurduň günbataryndan, beýlekisi hem günortasyndan – çekildi.

Bu trubogeçirijilerden Eýrana türkmen gazy üznüksiz akdyrylýardy. Emma geçen ýyl, statistikanyň görkezişi ýaly, bu iki gazgeçirijiden diňe 5 milliard m3 türkmen gazy akdyrylypdyr. Bu san hem gazgeçirijileriň göz öňünde tutulan ukybynyň üçden biri diýmekdir. Garaz, Eýran türkmen gazyndan ýüz öwrüp başlady. Tähranyň bu ugruny mundan beýläk hem dowam etjekdigini aýdyp bolar.

Türkmenistan üçin bu oňaýsyz bir alamatdyr. Sebäbi ýurt býujet serişdelerini doldurmakda kynçylyk çekýär. Ýurtda sosial ähmiýetli çäreleriň, men benziniň we elektroenergiýanyň bahalaryny göz öňünde tuýaryn, kemeldilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek.

Azatlyk Radiosy: Aždar Aşyrowiç, soňky wagtlar türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar. Türkmenistan bilen serhetleşýän Eýran hem Owganystan bilen serhetleşýär. Bu barada resmi maglumatda hiç zat aýdylmasa-da, siziň pikiriňizçe, saparyň dowamynda howpsuzlyk meseleleri maslahat edilermi?

A.Gurdow: Häzirki saparyň dowamynda howpsuzlyk meseleleriniň hem maslahat ediljekdigine garaşyp bolar. Emma, bu ýerde ýene bir ýagdaý bar. Meniň pikirimçe, bu mesele [türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý] habar serişdeleri tarapyndan çişirilip görkezilýär.

Owganystanyň demirgazygyndan Türkmenistana girmekçi bolýan söweşiji toparlaryň bardygy baradaky maglumatlary tassyklap biljek hiç hili düýpli deliller ýok. Hawa, serhetde käbir ýagdaýlar ýüze çykdy, hawa, şol sebitlerde “Yslam döwleti” diýilýäniň hem gara baýdaklary galgadyldy... Emma, umumy ýagdaýa seredenimizde, ol ýerdäki söweşijileriň sany çäkliligine galýar.

Meniň pikirimçe, bu alnyp barylýan uly geosyýasy oýunlardan gelip çykýan bir ýagdaý. Kimdir biri – men anyk atlary agzap durmaýyn, her kim hem meniň kimi göz öňünde tutýanymy bilýändir – sebitde dartgynlylygy döretjek bolup tagalla edýär.

Azatlyk Radiosy: Sebäp?

A.Gurdow: Onuň sebäbi şu: türkmen-owgan serhediniň golaýynda, Türkmenistan tarapda uly möçberdäki tebigy gaz gorlary bar. Ol ýerden hem Hytaýa gaz akdyrylýar. Men kimdir biri dartgynly ýagdaýlary döredip, Hytaýyň ösmegine päsgel berjek bolýarmyka diýýärin. Şeýtmek bilen, Transkaspi proýektine hem böwet bolnup, Ýewropa Bileleşigine hem ýaramaz täsir ýetirmäge synanyşylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen-owgan serhedinde dartgynly ýagdaýlar ýüze çykaýanda, Eýran Türkmenistana nähili hemaýat edip biler? Aslynda bu ugurda haýsydyr bir kömek edermi?

A.Gurdow: Men bu ugurdan howatyrlanmalar gereginden artyk çişirilen diýlen pikire ýykgyn edýändigimi ýene bir gezek ýatlatmakçy. Bu ugurda Tähranyň roly barada aýdylanda, Owganystanyň günbatar we günbatar-demirgazyk sebitleriniň uly bölegi Eýranyň täsiri astyndaky regionlar.

Eger-de bu sebitlerde nähilidir bir dartgynly ýagdaý ýüze çyksa, Eýranyň gyrada durjakdygyny aýdyp bolmaz. Sebäbi biz Tähranyň beýleki konfliktli regionlarda nähili hereket edýändigini görýäris. Men Yragyň şaýy sebitlerini göz öňünde tutýaryn.

Eýranyň harbylarynyň we "Rewolýusiýanyň sakçylary" atly harbylaşdyrylan bölümleriniň bu ýerlerde "Yslam döwleti" atly toparyň söweşijilerine garşy uruş alyp barýandygy indi hiç kim üçin syr däl.

Bu ýagdaý bolmawersin, emma türkmen-owgan serhedinde çaknyşyklar ýüze çykyp, Aşgabat hem kömek sorap Eýrana ýüz tutaýsa, onda men Tähranyň “ýok” diýmejekdigine ynanýaryn.

XS
SM
MD
LG