Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tozap galan "Abadan"


"Abadan" stadionynyň futbol meýdançasy.

"Abadan" stadionynyň futbol meýdançasy.

20 million dollara gurlan bu stadionyň futbol meýdançasy indi mal bakylýan meýdana meňzeýär. Onuň oty ösüp gidipdir. Bu meýdanda otdan başga ösümlikler hem ösýär. Meýdançanyň ýörite ak reňkli çyzyklary hem görnenok.

Abadan etrabynda ýerleşýän bu stadionyň futbol meýdançasynyň her tarapynda dikilen derwezeleriň sütünleriniň reňki solup gidipdir. Olaryň torlary bolsa asla ýok.

Ýerleşýän etrabynyň adybir stadionynyň ylgaw ýodajygynyň haly hem öwerlik däl. Bu ýodanyň örtügi güne ýanyp, çüýräp başlapdyr. Ýodanyň käbir ýerlerinde bolsa örtügiň uly bölekleri eýýäm ýyrtylypdyr. Bu ýodanyň betonynyň çöken ýerleri hem bar.

“Abadan” stadionynyň tribunalarynyň oturgyçlary gum basyp, tozap ýatyr. Tribunalaryň diwarlarynyň suwagynyň gaçan ýerleri hem bar.

Stadionyň daşyndaky kiçi türgenleşik futbol meýdançalarynda hem gymyldy ýok. Bu meýdançalaryňam haly o diýen däl. Reňki güne solan bu meýdançalaryň sütünlerindäki demir torlarynyň ýyrtylan ýerleri göze kaklyşýar.

Daş-töweregindäki zir-zibiller bilen bilelikde bu stadion indi taşlanan desgany ýatladýar. Ýogsa, Ahal welaýatynyň düzümindekä, Abadandaky bu stadion welaýat boýunça iň uly sport desgasydy. Abadanyň paýtagtyň düzümine girizilmegi bilen bu stadion ululygy boýunça paýtagtdaky üçünji stadion boldy.

Ilki açylaýanda, resmi mediada bu stadion halkara standartlaryna gabat gelýän sport kompleksi hökmünde suratlandyrylyp, onda halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmek üçin ähli şertleriň bardygy aýdylýardy.

Dogrudanam, bir döwürde bu stadionda käbir halkara sport ýaryşlarynyň, hususan-da futbol ýaryşlarynyň duşuşyklary geçirilipdi. Mysal üçin, 2011-nji ýylda bu stadionda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda halkara futbol ýaryşynyň käbir duşuşyklary geçipdi.

Emma häzirki wagtda bu stadionyň tribunalarynyň tomaşaçydan dolup geçirilen sport ýaryşlarynyň örän az bolandygyny stadionyň işgäri Aman gürrüň berýär: “Ýylda bir-iki sany duşuşyk geçirilse geçirilýär. Ýogsa, şol hem ýok”.

Amanyň aýtmagyna görä, bu stadionda öň, welaýata degişli mahaly, esasan welaýat derejesinde geçirilýän iri köpçülikleýin çäreler geçirilýän eken. Şeýle-de çäreleriň öňisyrasynda şol çärelere taýýarlyk “marşirowkalary” geçirilipdir. Emma indi bu ýerde şeýle çäreleriň-de geçirilmeýändigini Aman gürrüň berýär.

Hatda bu stadionda Ahal welaýatynyň adybir “Ahal” futbol komandasy hem ýurduň futbol çempionatynyň çäginde geçirilýän duşuşyklaryny geçirip bilmändir. “Ahal” futbol komandasy şol wagtam häzirem öz duşuşyklaryny “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik futbol meýdançasynda geçirmeli bolýar.

Stadionyň ýerleşýän ýeri bolan Abadan şäheri paýtagtyň düzümine girizilenden soň bu stadionda indi sport ýaryşlary geçirilmeýär. “Indi welaýat derejesinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerem bu stadionda geçirilmeýär” diýip, Aman aýdýar.

Emma tribunlary tomaşaçydan dolmaýan bu stadionda käbir sport seksiýalary hereket edýär. Boks, woleýbol, göreş we ýeňil atletika boýunça sport seksiýalarynda, o diýen köp bolmasa-da, ýaş sportsmenler türgenleşik geçýärler.

“Bu seksiýalarda hem türgnleşýänler köp däl. Aňry gitse, 10-15 adam. Şondan köp däl” diýip, Aman gürrüň berýär.

Abadandaky stadion 2009-njy ýylyň iýun aýynda açyldy. 10 müň tomaşaça niýetlenip gurlan bu stadionyň bahasy 20 million dollar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG