Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Separatistler ylalaşygy bozýar


Orsýetçi separatistleriň tankynyň ýokarsynda Russiýanyň baýdagy galgadylýar.

Orsýetçi separatistleriň tankynyň ýokarsynda Russiýanyň baýdagy galgadylýar.

Ukrain häkimiýetleri orsýetçi separatistler, gündogar Ukrainadaky hökümet güýçleriniň pozisiýalaryna, şol sanda ýurduň günorta-gündogaryndaky port şäheri - Mariupoluň töwereginde hüjüme geçmek bilen, ok atyşygy bes etmek baradaky Minsk ylalaşygyny bozandyklaryny mälim etdiler.

Ukrain armiýasynyň metbugat wekili Wladislaw Seleznýowyň 10-njy martda Kiýewde beren maglumatyna görä, soňky bir günüň dowamynda separatistler Donetsk regionynyň Peski, Wodýane, Tonenke, Opytne, Awdeýewka, Troitsk, Lugansk şäherçelerine we Dutiwska käniniň töwereklerine hüjüm edipdirler.

Seleznýowyň aýtmagyna görä, gozgalaňçylar hökümet güýçleriniň Lugansk regionyndaky Sokolnikide we Krymskide ýerleşýän pozisiýalaryna hem hüjüm edipdirler.

Ukrain resmileri 9-njy martda agşamara pitneçileriň, tanklary we minomýotlary peýdalanyp, Mariupoluň golaýyndaky Şyrokine obasyna birnäçe sagatlap hüjüm edendiklerini, emma soňra olaryň yza serpikdirilendigini habar berýärler.

Aladalanmalar

Gündogar Ukrainadaky pitneçileriň Mariupoluň golaý-goltumyndaky hüjümleri separatistleriň Azow deňziniň etegindäki port şäherini eýelemäge we Kryma – günbatara aralaşmaga synanyşyk etmeginiň mümkindigi baradaky aladalanmalary güýçlendirdi. Gara deňziň eteginde ýerleşýän Krym ýarymadasy 2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýa tarapyndan bikanun basylyp alnypdy.

Şol bir wagtda-da gozgalaňçylaryň goranmak boýunça resmi wekili Eduard Basurin ukrain güýçlerini öz garşylaryna hüjüm etmekde we ok atyşygy bes etmek baradaky özara ylalaşygy bozmakda aýyplap çykyş etdi.

9-njy martda Kiýewde prezident Petro Poroşenko Belarusyň paýtagty Minskde gelnen parahatçylyk ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 15-nji fewraldan başlap güýje gireli bäri 64 sany ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy.

1549 ukrain harbysy heläk boldy

Poroşenko ukrain güýçleri separatistleriň kontrollygyndaky Donestk we Lugansk regionlarynyň käbir territoriýalaryny yzyna gaýtaryp almaga başlaly bäri, ýagny geçen ýyl harby çaknyşyklar başlaly bäri, ýurduň ýaragly güýçlerinden, Milli gwardiýadan, Içeri işler ministrliginden, Serhet gullugyndan we Howpsuzlyk gullugyndan jemi 1549 sany ukrain harbysynyň wepat bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Birleşen Milletler Guramasy Ukrainadaky ýaragly çaknyşyklarda geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 6 müňden gowrak adamynyň heläk bolandygyny aýdýar.

Poroşenko 9-njy martda ukrain telewideniýesinde eden çykyşynda Ukrain güýçleri “öz raketalarynyň we agyr ýaraglarynyň aglaba bölegini” söweş liniýalaryndaky pozisiýalardan yza çekdi diýdi. Ol orsýetçi separatistleriň hem öz agyr ýaraglarynyň “ep-esli bölegini” yza çekendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ylalaşygyň özeni

Ýaraglary yza çekip, aralykda bufer zonasyny döretmeklik ok atyşygy bes etmek boýunça 12-nji fewralda Belarusyň paýtagty Minskde gelnen ylalaşygyň esasy özeni bolup durýar.

Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Minskde gelnen ylalaşygyň mundan beýläk-de berjaý edilmegi üçin Günbataryň Kiýewe garşy sanksiýalary girizmelidigini aýtdy.

10-njy martda çykyş eden Lawrow Ukrainany Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleriniň araçylyk etmeginde Minskde gelnen özara ylalaşygyň borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplady.

Lawrowyň aýtmagyna görä, “Minskde gelnen ylalaşygyň doly berjaý edilmegine, esasan, Kiýew häkimiýetleri tarapyndan päsgelçilik döredilýär”.

9-njy martda Ak tamda prezident Barak Obama bilen Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Ukrainadaky hereketleri zerarly Russiýa garşy girizilen sanksiýalary öz güýjünde galdyrmak meselesinde Brýusseliň we Waşingtonyň pozisiýalarynyň doly gabat gelýändigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG