Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew prezidentlige dalaş etjek diýýär


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew prezidentlige gaýtadan saýlanmak üçin 26-njy aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş etjekdigini aýdýar.

Ol bu barada häkimiýetdäki Nur Otan partiýasynyň ýygnagynda mälim etdi. Astanada geçirilen bu ýygnakda Nazarbaýewiň Nur Otan partiýasynyň agzalary gazak prezidentiniň kandidaturasyny teklip etdiler.

Öňki polat erediji işçisi 74 ýaşly Nazarbaýew 1989-njy ýyldan bäri Gazagystany dolandyrýar.

6-njy martda Nazarbaýew belki “ssenariýni üýtgetmegiň wagty gelendir” diýip, wagtyndan öň geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş edip-etmejegini nätakyklygyna saklap galypdy.

Gazagystanda öňümizdäki prezidentlik saýlawlary 2016-njy ýylda geçirilmelidi, emma “Gazagystanyň Halk bileleşigi” saýlawlaryň şu ýyl geçirilmegini teklip etdi.

XS
SM
MD
LG