Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Sanksiýalar uzaldylyp bilner


Ýewropa Bileleşigi gündogar Ukraina dogrusyndaky parahatçylyk ylalaşygynyň berjaý edilmegini güýçlendirmek maksady bilen, Russiýa garşy girizilen ykdysady sanksiýalary 2015-nji ýylyň dekabr aýyna çenli güýçde saklamagy göz öňünde tutýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň energiýa we maliýe pudagynyň hyzmatlaryna gönükdirilen sanksiýalary geçen ýylyň iýun we iýul aýlarynda kabul edilip, olar güýje girizilenden 1 ýyl soň täzelenýär.

Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen söweşýän separatistlere goldaw bermegine gaýtawul hökmünde Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň möhleti tamamlanýar.

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň adynyň efirde agzalmazlygyny soran birnäçe diplomaty Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, 19-njy martda Brýusslede geçiriljek sammitde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleriniň Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň möhletini dekabr aýyna çenli uzaltmagynyň mümkindigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG