Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew täze möhlet isleýär


"Prezidentlik saýlawlaryna diňe öz milletiniň durmuşyny gowulandyrmak üçin anyk maksatlary bolan adam gatnaşmaly" diýip, Nazarbaýew aýtdy.

"Prezidentlik saýlawlaryna diňe öz milletiniň durmuşyny gowulandyrmak üçin anyk maksatlary bolan adam gatnaşmaly" diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň 26-njy aprele bellenen irki saýlawlarda gaýtadan prezident bolmaga dalaşgärlik etjegini aýtdy.

Eýýäm 25 ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda oturan Nazarbaýew bu beýanaty 11-nji martda, prezidentiň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy partiýanyň - «Nur Otanyň» gurultaýyna gelen delegatlar oňa öz kandidatlary hökmünde ses berenlerinden soň etdi.

"Men siziň özümi prezidentlige hödürlemek inisiatiwaňyz bilen diňe bir sebäbe görä, ýurdumyz üçin täze we örän wajyp maksatlary teklip etmek isleýändigim sebäpli razylaşýaryn»" diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Prezidentlige kandidat üçin dil synagy

Nazarbaýew 11-nji martda «Nur Oton» partiýasynyň gurultaýyna gatnaşanyndan soň, Merkezi Saýlaw komissiýasyna baryp, prezidentlige kandidatdan talap edilýän synagdan, gazak dili boýunça ekzamenden geçdi.

"Biz Nursoltan Abişewiçiň döwlet dilini suwara bilýändigine göz ýetirdik" dil komissiýasynyň başlygy Mirzataý Žoldaşbekow ekzamenden soň žurnalistlere aýtdy.

Soňky günlerde potensial kandidatlaryň birnäçesi dil synagyndan ýykylyp, saýlawda bäsleşmek hukugyndan mahrum boldy.

Bu talap, prezidentlige kandidatyň Gazagystanyň territoriýasynda doglan bolmak şerti bilen bir hatarda, 1990-njy ýyllarda girizilipdi.

Nazarbaýewiň tankytçylary bu talaplaryň öňki Sowet Soýuzynyň Gazagystan bilen serhetdeş respublikalarynda doglan we gazak dilini gowy bilmeýän potensial kandidatlaryň öňüni baglamak üçin girizilendigini aýdýarlar.

Milletiň durmuşyny gowulandyrmak üçin...

"Prezidentlik saýlawlaryna diňe öz milletiniň durmuşyny gowulandyrmak üçin anyk maksatlary bolan adam gatnaşmaly" diýip, Nazarbaýew telewideniýede halka ýetirilen çykyşynda aýtdy.

Ozalky demirçi işçi, 74 ýaşyndaky Nazarbaýew Merkezi Aziýanyň nebite baý ýurduna 1989-njy ýyldan, sowet döwründen bäri ýolbaşçylyk edýär. Şol wagt ol sowet respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň başlygydy.

Nazarbaýew başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrdy we Gazagystanda Günbatar tarapyndan azat ýa-da adalatly diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

Saýlawda bäsleşmek üçin ýene iki kandidat resmi hasaba alyndy, emma hökümet tankytçylary olaryň maksady Nazarbaýewiň belli-külli ýeňiş gazanjak saýlawyna demokratiýa häsiýetini bermekden ybarat diýýärler.

"Halkyň islegi"

Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly, Nazarbaýew özüniň bäsleşige gatnaşmak baradaky kararyny halkyň isleg-talabyna boýun bolmak hökmünde görkezdi, emma onuň tankytçylary bu ideýany ret edýärler.

Nazarbaýew 6-njy martda, ýene bir bäş ýyl möhlet üçin dalaşgärlik etjegini ýa etmejegini gümürtik galdyryp, ssenariýany üýtgetmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Gazagystanyň indiki prezidentlik saýlawy 2016-njy ýyla planlaşdyrylypdy, emma geçen aý Nazarbaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilen gurultaý Gazagystanyň «daşarky faktorlar esasynda» dörän ykdysady krizisden geçmegi üçin ýene bir möhlet zerurlygyny nygtap, onuň ir geçirilmegini teklip etdi.

«Nur Otan» partiýasynyň agzalarynyň köplüginden durýan parlament bu üýtgeşikligi birnäçe gün soň tassyk etdi.

Synçylar Nazarbaýewiň dünýäde nebitiň bahasynyň arzanlamagyndan gelip çykýan ykdysady aladalar we Günbataryň Astananyň söwda partnýory Orsýetiň garşysyna girizen sanksiýalary öz meşhurlygyny gowşadar öýdüp, basymrak täze möhlete başlamakçy bolýandygyny aýdýarlar.

Daşardaky pullary getirmeli

Nazarbaýew partiýa gurultaýyna ýüzlenip, emläklerini daşary ýurtlarda saklaýan biznesmenlere öz pullaryny yzyna, Gazagystana getirmäge çagyrdy we «gizlin maýasyny kanunlaşdyran» adamlara hut özüniň asuda durmuş kepilligini berýändigini aýtdy.

Nazarbaýew iýunda öz pullaryny yzyna getiren gazaklary jogapkärçilige çekilmekden goraýan kanuna gol çekdi.

"Siziň hemmäňiz görýärsiňiz, indi daşary ýurtda zat gizlär ýaly bolmady" diýip, Nazarbaýew halkara bank läheňi HSBC-niň, Şweýsar hususy bank bölüminiň müşderileriniň syzyp çykan global sanawyna we belli bir döwür içindäki balansyna salgylanyp aýtdy.

"Ol ýerde biz üçin watan ýok, ol ýerde bize hiç kim garaşmaýar. Bar zat şu ýerde" diýip, Nazarbaýew partiýa gurultaýyna gatnaşýanlara ýüzlenip aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG