Sepleriň elýeterliligi

“YD” kürt şäherine hüjüm edýär


Siriýadaky kürt resmileri we aktiwist topar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň, aglabasy kürtlerden ybarat şäherçä giň gerimli hüjümleri başladandygyny habar berýärler.

Kürt Demokratik bileleşigi partiýasynyň metbugat wekili Nawaf Haliliň 11-nji martda beren maglumatyna görä, “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Ras al-Aýn şäherçesine garşy “giň gerimli we güýçli” hüjümleri başladypdyrlar. Gürrüňi gidýän bu şäherçe Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda ýerleşip, onuň 50 müň çemesi ilaty bar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy topar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň gijäň ýary Tal Ganzir obasyny ele salandygyny habar berýär. Bu oba Ras al-Aýn şäherçesiniň 30 kilometr günbatarynda ýerleşýär.

Şeýle-de, synçy topar täze çaknyşyklar sebäpli iki tarapda hem onlarça adamyň ölendigini belleýär.

XS
SM
MD
LG