Sepleriň elýeterliligi

Putin Astana etjek saparyny soňa goýdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana etjek iki günlük sapary soňa goýuldy. Gazak resmileri Putiniň syrkawlan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Rus prezidenti Putin Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenkanyň we gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda 12-13-nji martda Astanada geçiriljek ýygnaga gatnaşmalydy.

11-nji martda Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow üç ýurduň liderleri “Astanada geçiriljek duşuşygy birnäçe gün soňa goýdular” diýdi.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran gazak hökümet resmisi “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda, “Putiniň syrkawlan bolmagynyň mümkindigini” aýdyp, duşuşygyň saglyk näsazlygy sebäpli soňa goýlan bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.

XS
SM
MD
LG