Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjü tussaglary açlyk yglan etdi diýilýär


Gürjüstanyň günbataryndaky Imereti regionynda ýerleşýän türmedäki tussaglaryň açlyk yglan edendigi aýdylýar.

Gürrüňi gidýän türmedäki tussag Lewan Bobohidzeniň aklawçysy Robinzon Hutsilwa 11-nji martda “Rustawi-2” atly telekanala beren maglumatynda, türmede açlyk eden tussaglaryň arasynda öz müşderisiniň we Honi şäheriniň öňki häkimi Zurab Jibuhaýýanyň bardygyny aýtdy.

Hurtsilwanyň aýtmagyna görä, tussaglar öz sud işleriniň soňa goýulmagyna garşy protest bildirýärler hem-de Adam hukuklary we raýat integrasiýasy boýunça parlament komitetiniň ýolbaşçysy, kanunçykaryjy Eka Beselia bilen duşuşmagy talap edýärler.

Hurtsiwa Imereti regionyndaky 2-nji belgili türmede açlyk yglan eden tussaglaryň takyk sany barada maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG