Sepleriň elýeterliligi

NATO: "Russiýa heniz hem Ukrainada"


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg “Russiýa heniz hem Ukrainada” diýip, Moskwany öz harbylaryny yza çekmäge we gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistleri goldamagy bes etmäge çagyrdy.

Stoltenberg 11-nji martda çykyş edip, “NATO Russiýanyň gündogar Ukrainada hereket edýändigini, şeýle-de onuň separtistik güýçlere uly hemaýat berýändigini gördi we görýär” diýdi.

NATO goşunlarynyň ýokary derejeli komandirleriniň biri, ABŞ-ly general Filip Bridlowe (Philip Breedlove) Belgiýanyň Mons şäherinde geçirilen şol metbugat ýygnagynyň dowamynda Ýaranlyk ok atyşyklary bes etmek baradaky Minskde gelnen ylalaşyk bilen “käbir öňegidişligi gazandy” diýip belledi.

ABŞ-ly general Filip Bridlowe

ABŞ-ly general Filip Bridlowe

Bridlowe Russiýa bilen gündogar Ukrainanadaky araçägiň belli bir derejede açykdygyny, netijede oňa kynlyk bilen gözegçilik edilýändigini we Ukrainadaky rus goşunlarynyň anyk sanyny bilmegiň kyndygyny hem sözüne goşdy.

Aprel aýyndan bäri Ukrainanyň hökümet güýçleri bilen ýurduň gündogaryndaky rusparaz separatistleriň arasyndaky dowam edip gelýän konfliktde ölenleriň sany 6 müňden geçdi. Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler Donetsk we Luganks welaýatlarynyň käbir böleklerini eýelediler.

Bu konflikt Moskwanyň Krymy basyp almagynyň yz ýany döredi. Kiýew we Günbatar Kremliň bu hereketiniň bikanundygyny aýdýarlar.

Stoltenberg öz çykyşynda, Russiýanyň soňky döwürdäki hereketleri bilen baglanyşykly ýüze çykan halkara möçberindäki täze synaglar zerarly NATO ýaranlygynyň öz “goranmak ukybyny” artdyrmak boýunça proseslere girişendigini mälim etdi.

Bridlowe NATO-nyň işlerine käbir üýtgetmeleri girizimegi teklip edip, esgerleri we harby tehnikany Gündogar Ýewropa çekmäge çagyrdy.

Ukrainanyň harbylary soňky 24 sagadyň içinde ýurduň gündogarynda bir esgeriň öldürilendigini we ýene-de dördüsiniň ýaralanandygyny habar berýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG