Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýoluň ýapylmagynyň sebäbi aýdylmaýar"


Aşgabadyň Parahat 7 kiçi etrapçasy.
Aşgabadyň Parahat 7 kiçi etrapçasy.

11-nji martda ir bilen Aşgabatda Baba-Annanow köçesiniň Oguzhan çatrygyndan Parahat 7-ä çenli barýan ýoluň ýapylandygy habar berilýär. Ýoluň ýapylmagy netijesinde bu ýoldan geçýän birnäçe awtobus gatnawynyň hem ýatyrylandygy aýdylýar.

Bu ýagdaýyň bolsa, Parahat-7-niň ýaşaýjylaryna, işe barýanlara, mekdep okuwçylaryna, bu sebitdäki gurluşykda işlemäge barýan işçilere uly täsir ýetirendigi bellenilýär.

Biz bu ýoluň ýapylmagynyň sebäpleri we onuň ilata ýetiren täsirleri bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:33 0:00

XS
SM
MD
LG