Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” 11 owgan polisiýasyny öldürdi


Owgan resmileri “Talyban” söweşijileriniň, ýurduň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda gurnan duzagynda azyndan ýedi polisiýa ofiseriniň öldürilendigini habar berýärler.

Gürrüňi gidýän welaýatyň Daşti Arçi etrabynyň häkimi Nasruddin Hanyň aýtmagyna görä, 12-nji martda polisiýa ofiserleri öz aýlyk haklaryny almak üçin goňşy welaýata sapar eden mahaly, olara 30 çemesi söweşiji duzak gurupdyr.

Bu wakanyň netijesinde dörän çaknyşyklarda iki sany “Talyban” gozgalaňçysy hem öldürildi.

Bu aralykda, Parwan welaýatynyň häkimi Muhammad Saýed Sediki, 11-nji martda Sýagurd etrabyndaky howpsuzlyk postunda dört polisiýa ofiseriniň öldürilendigini aýtdy.

2014-nji ýylyň dowamynda Owganystanda 5 müňden gowrak polisiýa ofiseri öldürildi.

XS
SM
MD
LG