Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Larijani Eýranyň tutumyny goraýar


Eýranyň parlamentiniň spikeri Ali Larijani eger, Tähran Yragyň “Yslam döwleti” atly topara garşy göreşine ýardam beremese, onda agzalýan ekstremist toparyň has köp ýurda howp salyp biljekdigini aýtdy.

Larijani bu barada Kuweýtde geçirilen gepleşiklerden bir gün soň, ýagny 11-nji martda Katarda mälim etdi. Bu ýurtlaryň ikisi hem Aýlak Arap döwletleriniň bileleşiginiň düzüminde bolup, ýakynda bu bileleşik Eýrany Ýemene gatyşmakda aýyplapdy.

11-nji martda Birleşen Ştatlaryň Armiýasynyň generaly Martin Dempseý häzirki wagt Eýran Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşde ýardam beriji roly eýeleýär, emma ekstremistler derbi-dagyn edilse, Tähran tarapyndan goldanylýan ýaraglylar ýurdy birleşdirmek tagallalaryny puja çykaryp bilerler diýdi.

XS
SM
MD
LG