Sepleriň elýeterliligi

Peskow: Putiniň salgyk ýagdaýy gowy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili rus lideriniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygy baradaky gep-gürrüňleri ret etdi.

12-nji martda Dmitriý Peskow “Eho Moskwy” atly radio stansiýasyna beren maglumatynda, Putiniň saglyk ýagdaýynyň “gürrüňsiz” gowudygyny aýdyp, gyzgalaňly gün tertibi onuň köpçülige çykmagynyň öňüni alýar diýdi.

Putiniň saglyk ýagdaýy baradaky myş-myşlar, rus lideriniň 12-13-nji martda Astanada gazak we belarus prezidentleri bilen geçirjek duşuşygy soňa goýulandan soň, we gazak resmileri “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda “Putin syrkawlan ýaly bolup görünýär” diýmeginiň yzýany ýaýrady.

62 ýaşly Putin Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň agzalaryna ýüzlenip eden çykyşyndan - 5-nji martdan bäri telewideniýede görünmeýär.

Şol bir wagtyň özünde Peskow “alada edere zarurlygyň ýokdugyny” aýdyp, “ähli zadyň oňatdygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG