Sepleriň elýeterliligi

Yrak: “YD” strategik köprini partlatdy


Yragyň polisiýasy “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Tikritiň demirgazygyndaky gara ýolda ýerleşýän we strategik taýdan ähmiýetli köprini partlatdylar diýýär. Bu partlama Yragyň esgerleri we şaýy musulmanlaryndan ybarat ýaraglylar şäheriň kontrollugyny ele salmaga synanyşýan mahaly boldy.

Gürrüňi gidýän köpri Tigr derýasyny we onuň töweregindäki nebit turbalaryny Yragyň Baiji şäherindäki nebit zawody bilen birikdirýän sanlyja ýoluň biridir.

11-nji martda Yrak güýçleri we şaýy ýaraglylary ilkinji gezek demirgazyk we günorta tarapdan Tikrit şäherine girdiler.

12-nji martda Yragyň goranmak ministri Haled al-Obeidi Tikrit operasiýasyna gatnaşan ýokary derejeli komandirler we Eýranyň Kuds güýçleriniň komandiri Kassem Süleýmani bilen duşuşdy.

XS
SM
MD
LG