Sepleriň elýeterliligi

Arian: Türkmen-Eýran gatnaşyklarynyň gelejegi gowy


Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen Ak ýaýla dermir ýol satansiýasynda, 3-nji dekabr, 2014 ý.

Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow eýranly kärdeşi Hassan Rohani bilen Ak ýaýla dermir ýol satansiýasynda, 3-nji dekabr, 2014 ý.

Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek, belki-de, türkmen gazynyň Eýranyň üstünden beýleki ýurtlara geçirilmek mümkinçiligi barada hem maslahat edildi.

Azatlyk radiosy Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gürrüňi edilýän energiýa hyzmatdaşlyk barada pikirini aýtmagyny sorap, Londonda ýaşaýan Ýakyn Gündogar we Eýran eksperti Hosseýn Arian bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Düýn Aşgabatda türkmen-eýran energiýa hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak barada bir topar gürrüň edildi. Görnüşinden, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny örän giňeltmek isleýär. Emma bu ýerde käbir içerki kynçylyklar hem bar. Aýdaly, eýran resmileriniň käbiri türkmen gazynyň importunyň togtadylmak ähtmallygyny hem ýaňzytdy. Ozaly türkmen-eýran energiýa hyzmatdaşlygynyň şu tarapyna göz aýlap bilmezmisiňiz?

Hosseýn Arian

Hosseýn Arian

Hosseýn Arian: Meniň pikirimçe, ozal bolan kynçylyklara garamazdan, Eýranyň täze hökümeti, ýagny Rohaniniň kabineti energiýa meselesinde indi öz goňşulary, ýagny Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryny hakykatdan hem giňeltmek isleýär. Hut şu pozitiw atmosfera sebäpli hem Eýran Türkmenistandan has kän gaz import etmek isleýär. Eýran Türkmenistandan ozalam her ýylda 10 milliard kub metr gaz alýar. Indi ol bu gazyň möçberini ýene köpeltmek isleýär.

Şol bir wagtda-da Eýran Türkmenistanyň gazyny Türkiýä we beýleki ýurtlara geçirmek üçinem has amatly geçelge üpjünçiligini döretmek isleýär. Sebäbi Eýran Transhazar gaz geçirijisi proýektine garşy durýar. Bir topar ýurt, şol sanda ýewropa ýurtlary bu proekti oňlaýar. Ýagny bu Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gazyny Eýrandan, Orsýetden sowa Ýewropa aşyrmagy aňladýar. Onsoň, Eýranyň şu hili pozitiw çemeleşmesi esasynda, Eýran bilen hyzmatdaşlygyň we Eýrandan gaz almagyň hem ýokarlanmagy mümkin.

Azatlyk radiosy: Emma, öňki tejribeleriň görkezişi ýaly, halkara ykdysady sanksiýalar zerarly, Eýranyň bir topar kynçylygy bar. Onsoň şeýle ýagdaýda Aşgabat hakykatdanam öz gazyny Eýranyň üstünden başga ýurtlara iberip bilermi? Bu realmy? Ikinji tarapdan, Eýranyň özünde-de gaz kän, näme üçin ol öz potensial bäsdeşine kömek etsin?

Hosseýn Arian: Birinjiden, Eýran bilen Amerikanyň arasyndaky ýadro gepleşikleri sebäpli indi geljekde ýadro meselesiniň çözülmegine bir umyt döredi. Şu sebäpdenem Eýran özüniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak isleýär. Sebäp diýseň, eger ýadro meselesi çözülse, sanksiýalaryň bir topary aýrylar.

Onsoň bu ýerde ýewropa ýurtlarynyň we Amerikanyň hem pozitiw çemeleşmegine umyt edilýär. Ýagny bu ýerde umyt bar we Rohaniniň hökümeti hut şu sebäbe görä öz işjeňliklerini güýçlendirmek isleýär. Geçmişde ol ýerde problema boldy, emma men indi ýagdaý üýtgedi diýip pikir edýärin.

Ozal hem aýdyşym ýaly, eger ýadro meselesi çözülse, sanksiýalaryň köpüsi aýrylar we Eýran bilen Türkmenistanyň, Eýran bilen Azerbaýjanyň we beýleki goňşy ýurtlaryň arasynda has gowy hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik dörär.

Azatlyk radiosy: Dogry, bu ýerde umyt bar diýeli. Eýran hem, Türkmenistan hem bu pursatdan peýdalanmak isleýär. Eýsem bu isleg uzagyndan nähili başa barar? Siz ekspert hökmünde türkmen-eýran gatnaşyklarynyň geljegine nähili garaýarsyňyz?

Hosseýn Arian: Meniň pikirimçe, bu ýerde örän gowy mümkinçilik we örän gowy gelejek bar. Sebäbi, sanksiýalaryň aýrylmagy bilen, Eýrana has kän energiýa, hususan-da has kän gaz gerek bolar.

Emma Eýranda gaz sektoryna ýeterlik maýa ýatyrylmaýar. Bu wagt alar, birnäçe ýyl gerek bolar. Oňa çenli Eýrana has köp energiýa gerek bolar we bu ýerde iň gowy ýurt goňşy Türkmenistan bolup dur. Onsoň bu ýerde örän gowy mümkinçilik bar.

XS
SM
MD
LG