Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistlere Nemtsowyň ölümine ‘sebäpkärleri’ görmek gadagan


Andreý Babuşkin, Moskwa, 11-nji mart, 2015

Andreý Babuşkin, Moskwa, 11-nji mart, 2015

Orsýetli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist, oppozision syýasatçy Boris Nemtsowy öldürmäge gatnaşanlykda güman edilen adamyň gynalan bolmagynyň alamatlarynyň bardygyny aýdansoň, derňewçiler tarapyndan soraga çekildi.

Kremliň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy Andreý Babuşkin özüniň federal derňewçileri tarapyndan 12-nji martda “Boris Nemtsowyň öldürilmegi bilen bagly iş boýunça şaýat hökmünde” soraga çekilendigini aýtdy.

Babuşkiniň aýtmagyna görä, Derňew komitetiniň ofiserleri onuň indi şaýatlaryň durumyna geçirilendigi sebäpli oňa günäli bolmakda güman edilýänleriň ýanyna barmagyň gadagandygyny aýdypdyrlar.

Dadaýew bilen duşuşyk

Babuşkin, 11-nji martda Moskwanyň Lefortowo türmesinde suddan öň tussaglykda saklanýan Zaur Dadaýewiň we aýyplanýanlaryň ýene ikisiniň ýanyna baryp gaýdansoň, Dadaýewiň “günäni gynamalar astynda boýun alandygyny” hasap etmäge esasyň bardygyny aýdypdy.

Ol Dadaýewiň bedeninde “ençeme ýara” görendigini habar berdi.

Durnuksyz Çeçenistan regionyndan öňki polisiýa ofiseri Dadaýew prezident Wladimir Putiniň açyk tankytçysy Boris Nemtsowyň 27-nji fewralda Kremliň golaýynda atylyp öldürilmegine gatnaşykda güman edilip, tussag edilen bäş adamyň biri.

Babuşkin bilen bilelikde tussaglaryň ýanyna öz žurnalistini iberen “Moskowskiý Komsomolets” gazeti Dadaýewiň, özi bilen bilelikde tussag edilen ýene biriniň boşadyljakdygy wada berlensoň, günäni öz boýnuna alandygyny aýdandygyny habar berdi.

Moskwanyň Basmannyý sudunyň 12-nji martda aýtmagyna görä, Dadaýewiň aklawçysynyň öz müşderisiniň suddan öň tussaglykda saklanmagyna garşy beren arzasy 11-nji martda ret edilipdir.

8-nji martda geçirilen diňlenişikde sudýa Dadaýewiň Nemtsowyň öldürilmegine gatnaşandygyny boýun alandygyny, emma suduň zalynda günäni ret edendigini aýtdy.

Maglumat ýaýratmak jogapkärçiligi

Andreý Babuşkin prezidentiň ýanyndaky Graždan jemgyýetçiligini ösdürmek we Adam hukuklary boýunça geňeşiň agzasy. Bu maslahat beriji organyň agzalary wagtal-wagtal Putin bilen duşuşýarlar.

Babuşkiniň sözlerine görä, derňewçiler ondan žurnalist Ýewa Merkaçowa barada sorapdyrlar we ony hem soraga çekmek üçin öýüne baranlarynda tapyp bilmändiklerini aýdypdyrlar.

11-nji martda Derňew komiteti Babuşkiniň we Merkaçowanyň jenaýat etmekde güman edilýänler bilen duşuşyklara degişli detallary ýaýratmak arkaly kanuny bozandyklaryny we indi jogapkärçilige çekilmelidiklerini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG