Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Başkir aktiwisti höküm edildi


Russiýanyň Başkortostan respublikasyndaky raýat hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist “terrorizmi köpçülikde aklan” diýen aýyplama bilen türme tussaglygyna höküm edildi.

Başkortostanyň paýtagty Ufadaky Kirow etrap sudy özüniň 12-nji martda çykaran kararynda Aýrat Dilmuhametowyň (Airat Dilmukhametov) iki ýyla çenli žurnalistika käri bilen meşgullanyp bilmejekdigini hem mälim etdi.

2013-nji ýylyň iýul aýynda Dilmuhametow internetde “Ahyr zaman” sözbaşy bilen makala çap edensoň, oňa resmi taýdan aýyplama bildirilipdi.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, gürrüňi gidýän makalada ekstremizme çagyryş edilip, “terrorizm aklanýar”.

Dilmuhametow özüniň günäsizdigini nygtaýar.

Aglaba ilaty musulmanlardan ybarat Başkortostanda ýaşaýjylaryň köpüsi Dilmuhametowa garşy gozgalan işiň syýasy maksatlydygyny we onuň adam hukuklaryny gorap çykyş edýän çäreleri bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG