Sepleriň elýeterliligi

Kreml Putin gyrgyz lideri bilen duşuşjak diýýär


Kreml Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 16-njy martda gyrgyz kärdeşi Almazbek Atambaýew bilen gepleşikleri geçirjekdigini aýtdy.

Putiniň metbugat gullugynyň 13-nji martda beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän iki prezident Putiniň dogduk şäheri Sank-Peterburgda duşuşarlar we iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary maslahat ederler. Şeýle-de, duşuşykda gyrgyz we rus liderleriniň Gyrgyzystanyň Russiýanyň liderligindäki “Ýewraziýa ykdysady bileleşigine” agzalygynyň soňa goýulmagyny maslahat etjekdigi bellenilýär.

Bu baradaky maglumatlar 62 ýaşly Putiniň syrkawlandygy baradaky myş-myşlar peýda bolan mahaly mälim edildi. Kreml bu maglumatlary ret edýär.

Putin 12-13-nji martda Gazagystanyň paýtagty Astana sapar etmegi we ol ýerde Belarusyň we Gazagystanyň prezidentleri bilen duşuşmagy planlaşdyrýardy. Emma 11-nji martda Putiniň metbugat wekili rus lideriniň bu saparynyň birnäçe gün soňa goýulandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG