Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Müsüre sapar edýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Müsüre bardy. Ol Eýran bilen geçiriljek ýadro gepleşikleriniň öňýanynda, howpsuzlyk meseleleri boýunça maslahat etmek üçin Müsüriň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy we ykdysady konferensiýa gatnaşdy.

Waşingtonyň berýän maglumatyna görä, Kerri Müsüriň prezidenti Abdel Fattah el-Sisi bilen geçirjek gepleşikleriniň dowamynda Birleşen Ştatlaryň liderligindäki halkara koalisiýanyň “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy tagallalaryny, Liwiýadaky ýagdaýlary we Siriýada dowam edýän konflikti maslahat eder.

Şol bir wagtyň özünde Kerri Iordaniýanyň patyşasy Abdullah II we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşmagy planlaşdyrýar.

13-nji martda Kerri we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogerini Gyzyl deňziň etegindäki Şarm el-Şeýh kurortynda geçirilýän “Müsüriň Ykdysady ösüşi” atly konferensiýa gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG