Sepleriň elýeterliligi

Rus telewideniýesinde Putin görkezildi


Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Russiýanyň Ýokary sudunyň başlygy Wýaçeslaw Lebedew. 13-nji mart, 2015 ý.

Rus prezidenti Wladimir Putin (çepde) we Russiýanyň Ýokary sudunyň başlygy Wýaçeslaw Lebedew. 13-nji mart, 2015 ý.

Russiýanyň döwlete degişli telewideniýesinde prezident Wladimir Putiniň, Kremliň aýtmagyna görä, 13-nji martda geçirilen ýygnaga gatnaşyp duran ýazgysy görkezildi.

Döwlete degişli “Rossiýa-24” telekenalynyň ýazgysynda Putin we Russiýanyň Ýokary sudunyň başlygy Wýaçeslaw Lebedew görkezildi.

62 ýaşly Putin 5-nji martdan bäri köpçülikde görünmeýär we ol Gazagystana 12-13-nji martda etmegi planlaşdyrýan saparyny soňa goýdy. Bu wakalar onuň syrkawlandygy hakyndaky gep-gürrüňleriň artmagyna sebäp boldy.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow rus prezidentiniň syrkawlandygy baradaky maglumatlary yzygiderli ret etdi. 12-nji martda ol “AP” habar gullugyna beren maglumatynda Putiniň saglyk ýagdaýynyň “aňrybaş derejede gowudygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG