Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Nemtsowyň işi derňelmeli


Putiniň ýiti tankytçylarynyň biri bolan Nemtsow 27-nji fewralda Kremliň golaýynda atylyp öldürildi.

Putiniň ýiti tankytçylarynyň biri bolan Nemtsow 27-nji fewralda Kremliň golaýynda atylyp öldürildi.

Ýewropa Parlamentiniň wekilleri rus oppozision syýasatçysy Boris Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda garaşsyz derňew geçirmäge çagyrdylar.

12-nji martda çap bolan rezolýusiýada Ýewropanyň depuputatlary Boris Nemtsowyň öldürilmegi “Russiýanyň soňky taryhyndaky iň möhüm syýasy öldürme” boldy diýip belleýärler.

Şeýle-de ýewropa kanunçykaryjylary Kremliň propagandasynyň Russiýany “repressiýalar, ýigrenç we gorky döwletine” öwürýändigini nygtadylar.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili gürrüňi gidýän rezolýusiýany ýaňsa alyp, Russiýanyň öz geçiren derňewiniň ýeterlikdigini aýtdy diýip, “Associated Press” agentligi maglumat berýär.

Babuşkin

Bu rezolýusiýa Kremliň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň agzasy Andreý Babuşkiniň rus derňewçileri tarapyndan soraga çekilen wagtyna gabat geldi. Babuşkin Moskwanyň Lefortowo türmesinde saklanylýan Zaur Dadaýew we beýleki iki sany güman edilýänler bilen duşuşandan soň sorag edildi.

Babuşkin duşuşykdan soň Dadaýewiň günäni boýun almagy üçin gynalandygyna güwä geçýän nyşanlaryň bardygyny, şeýle-de Dadaýewiň bedeninde “ençeme ýara yzlarynyň” bardygyny aýdypdy.

Babuşkin Russiýanyň Derňew Komitetiniň işgärleriniň mundan beýläk onuň Dadaýew bilen duşuşyp bilmejekdigini aýdandyklaryny hem mälim etdi.

Dartgynly Çeçenistan sebitinden bolan, ozalky polisiýa ofiseri Dadaýew Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglylykda tussag edilen bäş şübheliniň biridir. Putiniň ýiti tankytçylarynyň biri bolan Nemtsow 27-nji fewralda Kremliň golaýynda atylyp öldürildi.

Moskwanyň sudy 8-nji martda Dadaýewe aýyplama bildirende, güman edilýän özüniň Nemtsowyň öldürilmegine ilteşiklidigini boýun aldy diýip yglan etse-de, Dadaýewiň özi suduň zalynda, özüniň günälidigini aýtmady.

55 ýaşly Nemtsow Moskwanyň Gyzyl meýdanynyň golaýyndaky köpriniň üstünde öz halaşýan gyzy bilen giçlik gezelenç edip ýören mahaly, dört ok bilen arkasyndan atylyp öldürildi.

"Sebäp"

Derňew Komiteti öz 28-nji fewralda ýaýradan maglumatynda Nemtsowyň öldürilmegine onuň ýanwar aýynda yslamçy söweşijileriň Fransiýanyň “Charlie Hebdo” žurnalyny oka tutmagy bilen bagly eden gaharly bellikleriniň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini belläpdi.

Nemtsowyň aklawçylary we ýaranlary “Charlie Hebdo” neşirine edilen hüjüm bilen baglylykda edilen çykyşyň onuň üstüne edilen hüjüme sebäp bolmandygyna ynanýandyklaryny tekrarlaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG