Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rus TW-si Putini görkezdi


Putin Lebedew bilen sud sistemasy barada maslahatlaşýan görnüşde görkezilýär.

Putin Lebedew bilen sud sistemasy barada maslahatlaşýan görnüşde görkezilýär.

Orsýetiň döwlet TW-si prezident Wladimir Putiniň, Kremliň aýtmagyna görä, 13-nji martda geçiren duşuşygy mahalynda düşürilen wideo şekilini görkezdi.

Döwlet eýeçiligindäki «Rossia-24» Putiniň Orsýetiň Ýokary sudunyň başlygy Wýaçeslaw Lebedew bilen duşuşygynyň wideosyny görkezdi.

62 ýaşyndaky Putin 5-nji martdan bäri ile görünmändi.

Soňky wideo ýazgyda Putiniň Moskwanyň etegindäki Nowo-Ogariowo rezidensiýasynda ýerleşýän iş otagynda duşuşyk geçirendigi aýdylýar.

Putin, adatça duşuşyk geçirýän ýerinde, Lebedew bilen Orsýetiň sud sistemasyny reforma etmek planlary barada maslahatlaşlyp oturan görnüşde görkezilýär.

Putin adaty iş eşiginde we kadaly ýagdaýda bolup görünýär.

Lebedew bilen geçirilen duşuşyk Putiniň nähoşlugy barada ýaýran gürrüňleri biraz köşeşdirdi. Bu gürrüňler Putin 12-13-nji martda gazak paýtagtyna etmeli saparyny soňa goýanyndan we Gürjüstanyň separatist regiony bolan Günorta Osetiýanyň delegasiýasy bilen duşuşygy goýbolsun edeninden soň ýaýrapdy. Kreml bu duşuşyklaryň ýatyrylmagynyň sebäpleri birada hiç bir anyk düşündiriş bermändi.

Gazagystanda bir ady aýdylmaýan resmi Astanada, prezidentler Nursoltan Nazarbaýewiň, Wladimir Putiniň we Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda bolmaly duşuşygyň soňa goýulmagynyň sebäbiniň Putiniň näsaglygy bilen baglydygyny ýaňzytdy.

Emma Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow bu näsaglygy gaýta-gaýta ret etdi. Ol 12-nji martda AP habar gullugyna Putiniň saglygy «hakykatdanam birkemsiz» diýdi we onuň kesellidigi barada gep ýaýradýan adamlaryň belki-de özleriniň näsagdygyny aýtdy.

Kremliň websaýtynda Putiniň Lebedew bilen duşuşygynyň 13-nji martda bolandygynyň aýdylýandygyna garamazdan, Orsýetiň RBK habar gullugy Kremliň aýdan duşuklarynyň 8-nji we 12-nji martda bolup, hakykatda biraz öň we başga günlerde ýazgy edilendigini habar berdi.

Kreml 13-nji martda Putiniň 16-njy martda Sankt Peterburgda gyrgyz kärdeşi Almazbek Atambaýew bilen duşuşjagyny hem habar berdi.

Putiniň metbugat gullugy prezidentleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklar we Gyrgyzystanyň Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewraziýa Ykdysady bileleşigine agza bolmagy barada maslahat etjeklerini aýtdy.

Emma Putiniň ozalky duşuşyklarynyň ýatyrylmagy Orsýetiň sosial ulgamlarynda Putiniň şeýle köp wagt ile görünmezliginiň mümkin bolan sebäpleri barada bir topar çaklama sebäp boldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG