Sepleriň elýeterliligi

Kazanda ölenleriň sany 17-ä ýetdi


Orsýetiň Kazan şäherindäki söwda merkezinde ölenleriň sany 14-nji martda, halas edijiler harabalaryň aşagyndan ýene jeset tapanlaryndan soň, 17-ä ýetdi.

Habar gulluklary regional halas ediş merkeziniň başlygy Igor Panşine salgylanyp, soňky tapylan pidanyň erkek adama meňzeýändigini ýazýarlar.

Tatarystanyň paýtagtynda 11-nji martda turan ýangyn Admiral söwda toplumynda kän zaýaçylyk etdi.

Üç gat söwda merkezinde turan ýangyn zerarly azyndan 55 adam ýaralandy, şol sanda iki polisiýa ofiseri we iki adatdan daşary ýagdaýlar işgäri ejir çekdi.

XS
SM
MD
LG