Sepleriň elýeterliligi

Serb dikuçary ýykyldy


Serbiýanyň harby dikuçary, näsag çagany bejertmäge getirýärkä, Belgradyň esasy uçar meýdanynyň golaýynda heläkçilige uçrady.

Goranmak ministrligi dikuçaryň üstünde ýedi adamyň bolandygyny aýtdy.

Heläkçilik, aýdylmagyna görä, 13-nji mart gijesindäki agyr duman mahalynda bolupdyr.

Serb telewideniýesi dikuçaryň üstündäki ýedi adamyň hemmesiniň ölendiginiň çak edilýändigini aýtdy.

Ol ýedi adam keselli bäbekden, iki saglyk işgärinden we dört ekipaž agzasyndan ybart.

Orsýetde ýasalan Mi-17 dikuçary keselli bäbegi günortadaky Raska regionyndan paýtagta alyp gelýän eken.

XS
SM
MD
LG