Sepleriň elýeterliligi

ÝB gaz garaşsyzlygyny maslahatlaşýar


Wenada 14-nji martda geçirilýän maslahatyň gün tertibinde ÝB-niň energiýa garaşsyzlygy esasy mesele bolup durýar.

Bu maslahat Ýewropa Parlamentiniň agzalaryny we ýokary derejeli ÝB resmilerini bir ýere jemledi.

Konferensiýada Ukrainadaky konfliktiň, Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki «Gazprom» kompaniýasynyň Ukrainanyň üstünden gaz geçirmegi kesmek haýbatlarynyň ÝB-niň gündogar goňşulary bilen gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirjegi barada pikir alşylýar.

Şeýle-de delegatlar ÝB-niň rus gazyna garaşlylygyny azaltmagyň başga ýollary barada maslahat edýärler.

XS
SM
MD
LG