Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko gündogar Ukraina köşeşýär diýýär


Ukrain prezidenti Petro Poroşenko gündogar Ukrainadaky konfliktiň ýuwaş-ýuwaşdan köşeşip barýandygyny belledi.

Poroşenko 13-nji martda «1+1» telewizion kanalynda çykyş edip, bizde birnäçe günläp harby ýitgi bolmady diýdi.

Poroşenkonyň bu sözleri Minskde rus, ukrain, german we fransuz liderleri tarapyndan täze ýaraşyk barada ylalaşylan wagtyndan bir aý soň aýdyldy.

Bu ylalaşyk ukrain hökümet güýçlerini we separatist söweşijileri söweşi togtatmaga hem-de agyr ýaraglary front liniýasyndan yza çykmäge çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG