Sepleriň elýeterliligi

Kerri Eýran ylalaşygy belli däl diýýär


 Jon Kerri Müsürde çykyş edýär.

Jon Kerri Müsürde çykyş edýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň ýadro baýlaşdyrmak programmasy baradaky geçiş ylalaşygynyň aýyň aýagyndaky soňky möhlete ýetişip-ýetişmejegi aýdyň däl diýdi.

Kerri bu sözleri 14-nji martda, Müsüriň Gyzyl deňiz kurort şäheri Şarm El-Şeýhde geçirilýän inwestisiýa konferensiýasy mahalynda aýtdy.
Şeýle-de bu sözler Şweýsariýada, Eýran bilen gepleşikleriň 15-nji martda başlanjak täze tapgyrynyň öň ýanyna gabat geldi.

Kerri «Biz dogry-dürs ylalaşyga, dünýäni, şol sanda Birleşen Ştatlary we biziň ýakyn ýaranlarymyzy hem hyzmatdaşlarymyzy Eýranyň ýadro ýaragyndan abanmagy mümkin howpdan gorajak ylalaşyga gelmäge dykgatlylygymyzy dowam etdirýäris» diýdi.

Emma Kerri "biz entek ylalaşyp biljegimizi ýa däldigimizi bilemzok» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Ol entek taraplaryň arasynda çekeleşik pursatyndaky möhüm aratapawutlaryň saklanyp galýandygyny aýtdy

"Biziň maslahatlarymyzda hemme zat karar edilýänçä hiç zat karar edilmez» diýip, Kerri aýtdy.

Şeýle-de Kerri respublikan senatorlaryň 47-siniň awtorlygynda 9-njy martda ýazylan we Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Hameneýä iberilen haty hem ýaňzytdy. Ol hatda häzir baglaşyljak bolýan ylalaşygyň Birleşen Ştatlarda geçiriljek indiki prezident saýlawlaryndan soň, 2017-nji ýylyň başynda täze prezident iş başyna geçende ýatyrylyp hem bilinjekdigi duýdurylýardy.

Kerri bu hatyň «ýerine ýetiriji departamentiň gepleşiklerine göni gatyşmak» bolandygyny aýtdy we munuň gutulgusyz «biziň gepleşik geçirýän adamlarymyzyň aňynda sorag döretjegini» belledi.

Hameneýi eýýäm 12-nji martda bu hat baradaky pikirini aýtdy we ABŞ resmileri gepleşiklerde ilerleme boldugyça «ýowuz, gyňyr we gödek» bolýarlar diýdi hem-de Birleşen Ştatlaryň «öz ýalançylygy we arkadan urmak endigi bilen» tanalýandygyny belledi.

ABŞ we beýleki bäş döwlet martyň aýagynda Eýranyň ýadro programmasy barada çarçuwalaýyn ylalaşyga gelmek möhletini belledi. Eýran ýadro ýaragyny edinmek niýetinde güman edilýär, emma Tähran muny ret edýär we öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksat tutýandygyny aýdýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG