Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ermenistan parlament sistemasyna geçer


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan 14-nji martda özüniň konstitusiýa reformalaryny, hökümetiň parlament sistemasyna geçilmegini goldaýandygyny aýtdy.

Konstitusiýa reformasy boýunça döredilen ýörite komissiýa parlament sistemasyna geçmek üçin geçiş strategiýasyny teklip etdi.

Sarkisýan ýörite hökümet komissiýasyna syýasy partiýalar bilen geçiş rekomendasiýalarynyň we teklipleriniň hasabatyny taýýarlamak barada gepleşiklere başlamagy tabşyrdy.

Konstitusiýa reformalary ählumumy referendumda sese goýlar. Emma entek referendumyň geçiriljek wagty aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG