Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Owganystanda kän esger saklar


Birleşen Ştatlar özüniň Owganystandan goşun çykarmak planlaryny üýtgetdi we indi galan goşunlarynyň köpüsini indiki ýyla çenli ol ýerden çykarman saklamakçy bolýar.

14-nji martdaky habarlarda entek gutarnykly kararyň alynmandygy, emma ABŞ adminstrasiýasynyň häzir Owganystanda ýerleşýän 9800 esgeri ol ýerden çykarmagy haýallatmaga taýýarlanandygy aýdyldy.

Plan boýunça ol ýerdäki goşunlar 2015-nji ýylyň aýagyna çenli 5500 çemesi kemeldilmelidi.

ABŞ-nyň goranmak resmileri we owgan prezidenti Aşraf Gani prezident Barak Obamany Owganystandan goşun çykarmagyň möhletleri baradaky meselä gaýtadan seretmäge çagyrýarlar.

Olar ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýynyň şindi durnukly däldigini, regionyň diňe «Al-Kaýda» däl, eýsem YD howpy bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

Obama planlaryň üýtgemegini aýyň aýagynda, prezident Ganiniň Waşingtona sapary mahalynda yglan eder öýdülýär.

XS
SM
MD
LG