Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda 14 adam öldürildi


15-nji martda Pakistanyň Lahor şäherindäki iki ybadathana, dindarlaryň ýygnana wagty edilen bomba hüjüminde 14 adam öldi.

Welaýatyň saglyk meseleleri boýunça baş direktory Zahid Perwez ölenleriň sanyny tassyklap, ýaraly bolanlaryň sanynyň azyndan 70 adamdygyny aýtdy.

Lahoruň baş inspektorynyň orunbasary Haýder Aşraf bu hüjümden soň gahar-gazaba çykan mähelläniň hüjümde güman edilen bir adamy ölýänçä oda ýakandyklaryny, beýlekisini hem jezalandyryp öldürmäge synanyşandyklaryny aýtdy.

Bu iki hüjüm şol bir wagtda, ýekşenbe günündäki dini dabara kän adam gelen mahaly gurnaldy.

Pakistan «Talybanynyň» sözçüsi bu hüjümleriň jogapkärçiligini özlerine alyp, bu işi iki sany janyndan geçen bombaçynyň amala aşyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG