Sepleriň elýeterliligi

Putin: Moskwa Ýanukowiçi halas etdi


Prezident Wladimir Putin

Prezident Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň Krymy eýeleýşi barada taýýarlanan dokumental filmde, Kiýewde häkimiýeti ele geçirmegi planlaşdyran «rewolýusiýa» netijesinde, Ukrainanyň ozalky prezidentiniň janyna howp abanandygyny aýdýar.

Rus habar gulluklary Putiniň sözlerini sitirläp, onuň filmde «biziň alan maglumatlarymyzdan Ýanukowiçiň döwlet adarylyşygyny amal aşyrýanlar tarapyndan diňe ýesir alynmagynyň däl, eýsem fiziki taýdan ýok edilmeginiň hem plalanlaşdyrylýandygy belli boldy» diýendigini ýazýarlar.

"Adam ýok - problema ýok"

Putin sözüniň üstüni ýetirip, ýene şeýle diýipdir: «Bir meşhur taryhy şahsyň aýdyşy ýaly, adam ýok, problema ýok.»

Ýanukowiçiň 2013-nji ýylyň noýabrynda birden, Moskwa bilen gatnaşyklary güýçlendirmek üçin, ÝB bilen baglaşylmaly uly şertnamadan yza çekilmek barada karara gelmegi köpçülikleýin protestleriň möwjäp galmagyna we geçen ýylyň fewralynda onuň häkimiýetden çetleşdirilip, Orsýete gaçmagyna alyp geldi.

Interfax Putiniň «Ýanukowiçi we onuň maşgalasyny halas etmek bilen Orsýet gowy iş etdi» diýendigini ýazdy.

Putin 5-nji martdan bäri TW-niň göni efirinde görünmeýär we bu ýagdaý, Kremliň köşeşdirmelerine garamazdan, internetde bir topar çaklamanyň orta atylmagyna, prezidentiň saglyk ýagdaýy barada her hili gürrüňleriň ýaýramagyna sebäp boldy.

Putiniň sözçüsi Dmitriý Peskow rus lideriniň Krym hakyndaky filme 15-nji martda, işden öýe gaýdyşyn, onuň efire berilýän wagtynda tomaşa etjegini aýtdy.

Bu dokumental film 2014-nji ýylyň 16-njy martynda Krymyň Ukrainadan bölünmegini goldap geçirilen we giňden sorag astyna alnan referendumyň bir ýyllygyna gabatlanyp taýýarlandy.

"Hakyky gurjakçylar - ABŞ"

Putin filmde 2014-nji ýylyň fewralynda Ukrainada bolan döwlet agdarylyşygynyň arkasynda duran «gurjakçynyň» Birleşen Ştatlar bolandygyny aýdýar.

"Oppozisiýa resmi taýdan esasan ýewropalylar tarapyndan goldanyldy, emma biz gaty gowy bilýäris... hakyky gurjakçylar biziň amerikan partnýorlarymyz we dostlarymyz boldy. Milletçileri [we] söweş goşunlaryny taýýarlan şolar boldy» diýip, Putin aýtdy.

Dokumental filmiň 8-nji martda efire berlen klibi eýýäm Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň Haagadaky Halkara tribunaly bu sýužeti Orsýetiň Kryma bilkastdan girmeginiň subutnamasy hökmünde ulanmaga çagyrmagyna getirdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG