Sepleriň elýeterliligi

Sobçagyň ýurdy terk edýändigi aýdylýar


Russiýanyň tanymal gazeti rus hökümetiniň tankytçysy Kseniýa Sobçagyň Russiýany iň azyndan wagtlaýyn terk edendigini ýa-da terk edýändigini habar berýär. Maglumatda ýurtda oppozision syýasatçy Boris Nemtsowyň öldürilmeginiň yzýany, Sobçagyň öz howpsuzlygy bilen baglanyşykly aladalanma edýändigi bellenilýär.

16-njy martda “Kommersant” neşirinde çap edilen maglumatda Sobçagyň sözleri getirilip, onda şeýle diýilýär: “Men, ertir birnäçe wagtlyk Russiýadan gidýärin”.

“Kommersant” neşiriniň Sobçagyň şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän dostlaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, ol Russiýanyň howpsuzlyk gullugynyň maslahaty esasynda ýurdy terk edýär.

Sobçag henize çenli Russiýany terk edip-etmändigini köpçülige mälim etmedi.

XS
SM
MD
LG