Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Birnäçe adam ýaralandy


Gürjüstanyň häkimiýetdäki partiýasynyň aktiwistleriniň “Birleşen milli hereket” atly oppozision partiýanyň Zugdidi şäherindäki ýerli edarasynyň öňünde geçiren ýörişi netijesinde dörän çaknyşyklarda birnäçe adam ýaralandy.

15-nji martda “Gürjü arzuwy-Demokratik Gürjüstan” atly partiýanyň onlarça tarapdary “Birleşen milli hereketiň” 21-nji martda Tbiliside ýöriş geçirmek baradaky planlaryna protest bildirip, gürrüňi gidýän hereketiň Zugdidi şäherindäki edarasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi.

Waka bilen baglanyşykly çaknyşyklar hökümete tarapdar aktiwistler, şol sanda elleri taýakly tarapdarlar gapylary mynjyradyp, “Birleşen milli hereketiň” edarasyna kürsäp giren mahaly başlady.

Ýaralananlaryň arasynda azyndan bir polisiýa ofiseri hem bar.

“Birleşen milli hereketiň” kanunçykaryjylary çaknyşyklary ýazgaryp, 21-nji martda gürjü paýtagtynda ýöriş geçirjekdikleri baradaky niýetlerini ýene bir gezek nygtadylar.

XS
SM
MD
LG